Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky türmeleriň ählisi Bagdadyň gözegçiliginde


ABŞ-nyň harbylary Yrakda ýerleşýän we özleri tarapyndan gözegçilik edilýän iň soňky türmäni penşenbe güni yrakly resmilere tabşyrdylar.

Paýtagt Bagdadyň günbatarynda ýerleşýän we Kopper lageri diýlip atlandyrylýan bu türme Saddam Hüseýniň režiminiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny saklamak üçin 2003-nji ýylyň mart aýynda gurlupdy.

Bu türmede saklananlaryň arasynda Saddam Hüseýniň özi hem bardy. Bu türmede häzirki döwürde 1500 töweregi tussag bar.

2003-nji ýyldan soň Yrakda ýerleşýän ABŞ-nyň gözegçiligindäki türmelere salnanlaryň sanynyň 100 müňe golaý bolanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG