Sepleriň elýeterliligi

ÝB Kawkaz ýurtlary bilen gepleşiklere başlar


Düýn Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Aşton Bileleşigiň Gürjüstan, Ermenistan we Azerbaýjan bilen özara gepleşiklere başlamakçydygyny mälim etdi. Katerin Aşton düýn ýörite sapar bilen Gürjüstana bardy.

Bu wakanyň fonunda bolsa, Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner Tbiliside Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen geçiren metbugat konferensiýasynda Orsýeti parahatçylyk baradaky ylalaşygyň şertlerine eýermeýänlikde tankytlady.

Hususan-da, ol Orsýetiň öz harby güýçlerini Gürjüstanyň serhetýaka raýonlaryndan çykarmaýandygyny aýdyp, Orsýeti öz goşunlaryny iki ýyl mundan ozalky pozisiýalaryna çekmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG