Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada çeçen milletinden bolan üç adam tussag edildi


Düýn Fransiýanyň häkimiýetleri şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň metrosynda janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyrylan hüjümlere dahylly çeçen milletinden bolan üç adamyň Fransiýada tussag edilendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, bu üç şahsyýet geçen hepde Fransiýanyň Mans şäheriniň golaýynda tussag edilipdir. Tussag edilenleriň atlary we ýaşlary barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Bu tussag edilenler Moskwadaky partlamalary gurnamaklyga gönüden-göni gatnaşan şahsyýete ýakyndan goldaw berenlikde güman edilýärler.
XS
SM
MD
LG