Sepleriň elýeterliligi

BP: Meksikan aýlagyndaky ýarylan turba doly petiklendi


Düýn «Britiş Petroleum» kompaniýasynyň inženerleri Meksikan aýlagyndaky deňze nebit çüwdürýän turbanyň doly petiklenendigini mälim etdiler.

Olaryň aýtmaklaryna görä, deňziň astynda ýarylan nebit turbasyna berkidilen täze enjam nebitiň akmasyny doly togtadypdyr.

Şu ýylyň aprel aýynda nebit turbasynyň ýarylaly bäri bu turbany petiklemek ugrunda «Britiş Petroleum» kompaniýasynyň alyp baran tagallalary şu çaka çenli hiç hili netije bermändi.

Munuň özi Birleşen Ştatlaryň taryhynda daşky sredanyň iň bir ýaramaz derejede hapalanmasy hökmünde alamatlandy.

«Britiş Petroleum» kompaniýasy deňziň astyndaky bu turbadan nebitiň ýene syzyp başlamajakdygyna heniz doly kepil geçip bolmajakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG