Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky partlamada 20 töweregi adam öldi, ýaralanan köp


Düýn Eýranyň günorta-gündogar regionyndaky Zahedan şäherinde amala aşyrylan iki sany bomba partlamasynda azyndan 20 töweregi adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralandy.

Bu wakanyň yzy bilen, Al-Arabiýa telekanaly bu partlamalaryň jogapkärçiligini Jundollah atly sünni söweşjeň toparynyň öz üstüne alandygy barada maglumat ýaýratdy.

Goşa partlama Zahedan şäherindäki şaýy metjitlerinden biriniň golaýynda amala aşyryldy.

Eýranyň içeri işler ministriniň orunbasary Ali Abdollahi habarçylara beren interwýusynda bu partlamalaryň janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG