Sepleriň elýeterliligi

German we fransuz resmileri gyrgyz resmileri bilen duşuşar


Şu gün Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle bilen Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner Gyrgyzystanda ýurduň hökümet resmileri bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýarlar.

Şeýle hem, şu gün olar ýakynda etniki konfliktleriň ýüz beren ýeri bolan Gyrgyzystanyň günorta regionyna-da gysga wagtlyk sapar ederler diýlip garaşylýar.

Maglumata görä, özleriniň bu saparlarynda Guido Westerwelle bilen Bernard Kuşner Gyrgyzystanyň günortasynda kömege mätäç ilata gumanitar ýardamlaryň ýaýradylyşy hem-de olara beýleki zerur ýardamlaryň berilişi bilen tanşarlar.

Düýn Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle Özbegistanda saparda bolup, ýurduň prezidenti Yslam Karimow bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG