Sepleriň elýeterliligi

«Super ýyldyz» Sarkozi basyş astynda


Ýewropanyň esasy gazetleriniň baş sahypasyny fransuz prezidenti Nikolýa Sarkoziniň, Fransiýada iň bir baý aýal hasaplanylýan Liliane Bettenkortyň we Fransiýanyň zähmet ministri Erik Woersiň suratlary gurşap aldy, iýul, 2010-njy ýyl.

Ýewropanyň esasy gazetleriniň baş sahypasyny fransuz prezidenti Nikolýa Sarkoziniň, Fransiýada iň bir baý aýal hasaplanylýan Liliane Bettenkortyň we Fransiýanyň zähmet ministri Erik Woersiň suratlary gurşap aldy, iýul, 2010-njy ýyl.

Soňky günler Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi özüniň 2007-nji ýyldaky saýlaw kampaniýasynda bikanun pul kömegini alandygy barada bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly uly basyş astyna düşdi.

Sarkozi Fransiýada iň bir baý aýal hasaplanylýan Liliane Bettenkortdan bikanun pul ýardamyny alanlykda aýyplanylýar. Liliane Bettenkortyň öz işi hem soňky wagtlar salgyt galplyklarynda bildirilýän aýyplamalar sebäpli derňew astynda bolmagynda galýar.

Fransiýanyň mediasy bu ýylyň tomsuny prezident Nikolýa Sarkozi üçin «dowzah pasly» diýip atlandyrdy. Habar serişdeleriniň bu deňeşdirmesi, belki, ýerlikli bolmagy-da mümkin.

Uly syýasy synag

2007-nji ýylda media ýyldyzy hökmünde häkimiýet başyna gelen, birneme soňra-da ozalky supermodel we aýdymçy Karla Brunä öýlenmek bilen has hem «super ýyldyza» öwrülen Sarkozi şu günki gün ýurduň habar serişdeleriniň uly tankydynyň nyşanasyna öwrüldi.

Bu dawalar wezipe, pul, seks, gizlin ýazgylar we bukja salnyp berilýän pul sowgatlary ýaly birgiden garym-gatym hapalyklary öz içine alýar. Gün-günden ýitileşýän bu dawalar Nikolýa Sarkoziniň prezidentlik wezipesinde geçiren soňky üç ýylynyň dowamynda onuň üçin iň bir uly syýasy synaga öwrüldi.

20 milliard dollarlyk maliýe dolanyşygyny öz içine alýan L’Oreal kosmetika kompaniýasynyň mirasdüşeri, 87 ýaşly Liliane Bettenkort adatça jemgyýetçiligiň ünsünden daşdaky şahsyýet hasaplanylsa-da, bu gezek ol jemgyýetçiligiň esasy üns merkezine öwrüldi.

Liliane Bettenkortyň ozalky hasapçysy Nikolýa Sarkozi bilen hanym Bettenkortyň ýakyn maliýe hyzmatdaşlykda bolandyklaryny tassyklaýar. Maglumata görä, bu maliýe hyzmatdaşlygy Liliane Bettenkortyň 2007-nji ýylda Nikolýa Sarkoziniň saýlaw kampaniýasyny goldamak üçin onuň syýasy partiýasyna beren 190 müň dollar pul sowgadyny-da öz içine alýar.

Sarkozi aýyplamalary ret edýär

Bu baradaky aýyplamalaryň şeýle çynlakaý häsiýete eýe bolandygyna görä, geçen hepde prezident Sarkozi telewideniýede çykyş edip, özüne bildirilýän bu aýyplamalary ret etdi.

Prezident Sarkozi, hususan-da, öz çykyşynda şeýle diýdi: «Maňa 20 ýylyň dowamynda madam Bettenkortyň pully bukjalaryndan hantama bolup, onuň yzyna düşüp ýören ýaly görnüşde aýyplama bildirilmegi - masgaraçylykly aýyplama. Ýöne men özümiň şeýle aýyplamanyň nyşanasyna öwrülmegime geň galamok. Men şeýle ýagdaýa garaşypdym. Emma men häzirki dawalaryň gury wagt ýitirmekdigini aýdasym gelýär. Adamlaryň menden garaşýan zatlary bilen deňeşdirilende, bu zatlar boş zatlar. Adamlar bolsa ýönekeý bir zady isleýärler - olar häzirki ykdysady krizisden çykmak isleýärler».

Liliane Bettenkortyň ozalky hasapçysy Kleýr Tibault özüniň Sarkoziniň saýlaw kampaniýasy üçin maliýe serişdelerini toplamak işine gatnaşandygy we ahyrky netijede-de toplanan puluň Sarkoziniň partiýasynyň gaznaçysy Erik Woerse berlendigi barada polisiýa ýörite görkezme berdi.

Woers wezipesinden çekilýär

Häzirki wagt Erik Woers Fransiýanyň zähmet ministri hökmünde iş alyp barýar. Soňky dawalaryň ýüze çykmagynyň yzy bilen Nikolýa Sarkozi Erik Woersi partiýanyň gaznaçysy wezipesinden çekilmeklige çagyrdy. Şu hepdäniň sişenbe güni Erik Woers habarçylara beren interwýusynda özüniň gaznaçylyk wezipesinden çekilmekçidigini aýtdy.

Fransiýanyň zähmet ministri Erik Woers bu wakalarda iň uly şübhe astyna düşen şahsyýetlerden biri boldy. Çünki Erik Woersiň ýurduň býujet ministri bolup işlän döwründe onuň aýaly milliarder Liliane Bettenkortyň maliýe meseleleri boýunça maslahatçysy bolup işläpdi. Liliane Bettenkort bolsa şol döwürde maliýe salgytlaryndan sypjyklyk edip, özüniň ep-esli girdejilerini Şweýsariýadaky bank hasaplarynda gizlänlikde aýyplanylýar. Onuň şol maliýe galplyklaryny amala aşyrmagyna hut Erik Woersiň özi ýardam berendir diýen garaýyşlar bar.

Prezident Sarkozi bu dawalaryň hemmesini oppozision Sosialistler partiýasy tarapyndan syýasy matlap bilen ulanylýan ýasama dawa diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG