Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Gyrgyzystana polisiýa iberer


Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle (sagdan ikinji) Oşda, 16-njy iýul, 2010-njy ýyl.
Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle (sagdan ikinji) Oşda, 16-njy iýul, 2010-njy ýyl.
Gyrgyzystanda ÝHHG-niň polisiýa güýçlerini bu ýurduň günortasyna ibermek baradaky gepleşikler jemlenýär diýip, şu gün ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewa habar berdi.

Gyrgyzystanyň günortasynda ÝHHG-niň agza döwletlerine wekilçilik etjek 52 sany polisiýa işgäri ýerleşdiriler. Soňra bolsa ýene goşmaça 50 sany polisiýanyň iberilmegi mümkin diýlip, ÝHHG-niň resmi beýanatynda aýdylýar.

“Bu güýçler wagtlaýyn ýerleşdiriler, dört aý möhletinde. Biz Oş şäherini dikeltmegi maksat edinýäris. Bu güýçler bize şol döwürde howpsuzlyk üçin gerek. Olar ýaragsyz bolarlar” diýip, prezident Otunbaýewa aýtdy.

ÝHHG-niň polisiýa güýçleri monitoring geçirerler, maslahatlar bererler hem-de türgenleşik geçirerler. Gyrgyzystanyň günortasynda iýun aýynda bolan etnigara çaknyşyklar netijesinde 300-den gowrak adam heläk bolupdy.

Şu gün Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri Guido Westerwelle we Bernard Kuşner prezident Roza Otunbaýewa bilen geçirilen gepleşiklerden soň ýurduň günortasyndaky Oş şäherine baryp gördüler.

“Biz diňe bolup geçen wakalaryň sebäpleri açyk bolan ýagdaýynda durnuklylygy gazanyp bileris. Şonuň üçinem hökman garaşsyz halkara derňewler gerek. Olar bize hakyky jenaýatkärleri tapmaga-da gerek bolar” diýip, Guido Westerwelle aýtdy.

Germaniýanyň we Fransiýanyň baş diplomatlary ýerli ýaşaýjylar we hökümet wekilleri bilen duşuşdylar. Ýewropaly ministrler ýene prezident Otunbaýewa bilen gepleşik geçirmek üçin Oşdan Bişkek şäherine dolandylar. Olaryň bu saparyndan soň Gyrgyzystana ÝB-niň kömegini bermek meselesine serediler.

“Germaniýa we Fransiýa, ÝB hanym Otunbaýewany goldaýar - bu möhüm. Bize bolsa bu bidüzgünçilikleri haýsy toparlanyşygyň döredendigini bilmek möhüm. Taryhyň dowamynda şeýle wakalaryň hem duşmançylygyň bolandygy barada köp gürrüň edip bolar. Ýöne bu ýagdaýda munuň bilkastlaýyn edilendigi belli. Biziň bolsa ony dolurak bilesimiz gelýär. Şonuň üçin biz barlaglar boýunça halkara komissiýasynyň döredilmeginiň tarapdary” diýip, fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner aýtdy.
XS
SM
MD
LG