Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa we Hytaý iri şertnamalara gol çekişdi


Germaniýa we Hytaý söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşya gol çekişdiler. Ol ylalaşygyň bahasy millardlarça dollara barabar diýilýär.

Bu ylalaşyga Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Pekine sapary mahalynda gol goýuldy.

Ylalaşykda hususan-da “Daýmler-Benz” hem-de Hytaýyň “Foton” awto kompaniýasynyň bilelikdäki ýük maşynlaryny döretjek zawodynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

“Siemens” kompaniýasy tarapyndan bolsa Şanhaýda turbagurluşyk ugruny özleşdirmek nazara alynýar.

Kansler Merkel şu gün Hytaýyň premýeri Wen Jibao bilen duşuşanynda baglaşylan şertnama ýokary baha berip, munuň Hytaýyň ýewrony goldaýandygyny mälim edýär diýdi.

Merkel Hytaýyň beýleki resmi ýolbaşçylary bilen hem duşuşdy.
XS
SM
MD
LG