Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk gämi gurujylary Türkmenistanda boldular


9-njy iýulda “Türkmendeňizderýaýollary” müdirligi Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwrüldi.
9-njy iýulda “Türkmendeňizderýaýollary” müdirligi Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwrüldi.
Türkmen mediasynyň 15-nji iýulda ýaýradan maglumatyna laýyklykda, Türkiýe Respublikasynyň Deňiz meseleleri we gämi gurluşy sektory boýunça müdirliginiň wekilçilikli delegasiýasy Türkmenistanda saparda boldular.

Türkiýäniň wekilýetiniň agzalary Aşgabatda ýurduň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda kabul edildiler, şeýle hem olar Türkmenbaşy şäherine baryp gördüler we ol ýerde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň barşynda türkiýeli myhmanlar Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdylar we bu ugurda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ulgamdaky taslamalary durmuşa geçirmäge meýillidiklerini mälim etdiler.

2-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisini geçirende Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz serhetlerini mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap aýdypdy we şunuň bilen baglylykda ol Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gämi gurýan we abatlaýan kärhanasyny gurmak hakyndaky karara gol çekipdi.

9-njy iýulda bolsa Berdimuhamedowyň permany bilen “Türkmendeňizderýaýollary” müdirligi Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwrüldi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG