Sepleriň elýeterliligi

Eýran Zahedan partlamalarynda Günbatary günäleýär


Eýran penşenbe güni Sistan-Bulujystan welaýatynda bolan we azyndan 27 adamy öldüren goşa partlamada Günbatary we Ysraýyly günäleýär.

Döwlet telewideniýesi ýekşenbe güni Içeri işler ministri Ali Abdullahiniň bu terror aktlary Günbatar döwletleriniň hakyna tutmalary tarapyndan amala aşyryldy diýenini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi, BMG we Birleşen Ştatlar penşenbe güni bu terror aktlaryny ýazgaryp çykyş etdiler.

Eýran polisiýasy bu partlamalarda güman edilýän adamlaryň 40-syny tussag edendigini aýdýar. Bu hüjümlerde ölen adamlardan başga 160-dan gowrak adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG