Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň kansleri Merkel Gazagystana sapar edýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýekşenbe güni nebit-gaza baý ýurt Gazagystana geldi. Gazagystan Merkeliň Orsýete hem Hytaýa saparyndan soň baran ýurdy bolar.

Merkel anna güni Pekinde hytaý ýolbaşçylary bilen duşuşyp, söwda, energiýa we tebigat meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekdi.

Orsýetde bolsa Germaniýanyň "Siemens" läheňi bilen Orsýetiň Demirýol kompaniýasy Orsýete 200-den gowrak täze otly getirmek barada ylalaşyk baglaşyp, 2.8 milliard dollarlyk şertnama gol çekdi.
XS
SM
MD
LG