Sepleriň elýeterliligi

Eýran sanksiýa gulak asanlar bilen işleşmejegini aýdýar


Eýranyň nebit ministri Massud Mirkazemi ýekşenbe güni Tährana garşy girizilen saknsiýalar sebäpli proýektlerden çykýan firmalary Eýran gara sanawa girizip biler diýdi.

Mehr habar gullugy Mirkazeminiň «Eger ol kompaniýalaryň biri Eýrana garşy hereket etse, biz bu ýagdaý barada oýlanmaga hem şol kompaniýany gara sanawa salmaga mejbur bolarys» diýenini habar berdi. Ol «olar gaýdyp biziň ýurdumyzda işlemez» diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Mirkazemi mart aýynda BMG-niň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Eýranyň dawaly ýadro programmasy sebäpli girizen täze sanksiýalary esasynda işden çekilýändigini aýdan Lukoýl kompaniýasyny mysal getirdi.
XS
SM
MD
LG