Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen Bolgariýa “Günorta akymy” çaltlaşdyrjak bolýar


Orsýet bilen Bolgariýa planlaşdyrylan «Günorta akym» geçirijisine taýýarlyklary tizleşdirmek baradaky şertnama gol çekdiler. Bu geçiriji rus gazyny Gara deňiz astyndan Ýewropa getirmeli.

Bolgariýanyň ykdysadyet we energiýa ministri Traýço Traýko bilen Orsýetiň energiýa ministri Sergeý Şmatko bu proýektiň deslapky netijelerini öwrenmegiň «ýol kartasyny» taýýarlamak baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

Bu şertnma esasynda 2011-nji ýylyň fewralynda barlaglaryň netijeleri belli bolar we 900 kilometrlik geçirijiniň bolgar şahasyny gurmak üçin bilelikdäki kompaniýa dörediler.
XS
SM
MD
LG