Sepleriň elýeterliligi

Suwa çümüjiler gadymy şampan çakyryny tapdylar


Baltika deňzinde gark bolan köne gämini barlaýan fin suwa çümüjileri dünýädäki iň gadymy şampan çakyry hasaplanýan içgili çüýşeleri tapdylar. Ol çakyrlar 18-nji asyryň aýagynda öndürilendir öýdülýär.

Suwa çümüji Hristian Ekstrom Roýter habar gullugyna özüniň köne gämiden tapylan çakyrlaryň bir çüýşesini açyp, azajyk dadyp görendigini aýtdy.

Ekstrom bu çakyryň ajaýypdygyny, süýji tagamynyň bardygyny, şeýle-de ondan dubuň we güýçli temmäkiniň ysynyň gelýändigini aýtdy.

Ekspertler çüýşesindenn çen tutup, ol çakyrlaryň 18-nji asyryň aýagyna degişli bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

Çakyr we onuň çüýşesi barlag geçirmek üçin fransuz çakyr hünärmentlerine iberildi.
XS
SM
MD
LG