Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň ýokary derejeli wekili Gaza sektorynda boldy


Ýewrobileleşigiň daşary syýasat hem howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli wekili Katrin Aşton Gaza sektorynda dört ýyl bäri dowam edýän ýapyklygy gowşatmaga düýn Ysraýyly çagyrdy.

Aşton Gaza sektorynda boldy, emma sektorda häkimiýeti elinde saklaýan HAMAS-yň wekilleri bilen duşuşmady.

Aşton barlag-geçiriş nokatlaryndaky işe ýardam üçin ÝB-niň öz synçylaryny ugradyp biljekdigini aýtdy.

Aşton şol gün Ysraýyla ugrady hem bu ýurduň daşary işler ministri Awigdor Liberman bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG