Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky partlamada 15 töweregi adam öldi


Pakistanyň gündogarynda, Penjab welaýatynda şaýy metjidinde bolan partlamada, dürli maglumatlara görä, 12 bilen 15 adam aralygynda heläk bolupdyr. Janyndan geçeniň özem ölüpdir.

Bombaçynyň metjide girilýän ýerde goragçy saklan badyna partlamany herekete getirendigi habar berilýär.

Soňky döwür Pakistanda sünnülere degişli bolmadyk metjitdir zyýarathanalar hüjümleriň nyşanasyna öwrülýär.
XS
SM
MD
LG