Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň paýtagty Kairde dört taraplaýyn duşuşyk boldy


Kairde Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregiň, Ysraýlyň premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň, Palestin awtonomiýasynyň baştutany Mahmud Abbasyň we ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky ýörite wekili Jorj Mitçeliň duşuşygy boldy.

Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasynda göni gepleşikler geçirmegiň mümkinçilikleri maslahat edildi.

Gepleşiklerden soň Müsüriň daşary işler ministri Ahmet Abul Geýt göni gepleşiklere häzirlikçe taraplaryň taýýar däldigini žurnalistlere aýtdy.

Mundan öň Mahmud Abbas Ysraýyl bilen palestin territoriýasynyň arasynda halkara kontingentini ýerleşdirmegi şert edip goýupdy.
XS
SM
MD
LG