Sepleriň elýeterliligi

Abhaziýanyň prezidenti Nikaragua geldi


Özüni garaşsyz yglan eden Abhaziýanyň prezidenti Sergeý Bagapş sapar bilen Nikaragua geldi. Ol aeroportda bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Latyn Amerikasynyň bu ýurduna şu gün özüni özbaşdak yglan eden Günorta Osetiýanyň prezidenti Eduard Kokoýtanyň-da gelmegine garaşylýar. Ol uçarynyň Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide bozulmagy sebäpli bir gün giç geler.

Bagapş hem Kakoýta Nikaragudan başga Wenezeula barmagy-da planlaşdyrýar. Orsýetden başga şu iki ýurt Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG