Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz prezidenti ABŞ-nyň wekili bilen duşuşdy


Bişkekde Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Jeýms Steýnbergiň arasynda gepleşlikler boldy.

Gyrgyzystanyň günortasyna halkara polisiýa missiýasyny ugratmak meselesine garaldy. ÝHHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Gazagystanda bolan resmi däl duşuşygynda şeýle pikir öňe sürlüpdi.

Steýnberg şeýle-de ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolan iýun aýyndaky etnigara çyknyşyklaryň derňewine halkara wekilleriniň gatnaşmagyna tarapdar bolup çykyş etdi.

"Birinjiden, umumy pikire görä, nämeleriň bolandygyny, oňa kimleriň jogapkärdigini anyklamaly. Zorluklaryň möwç almagyna ençeme faktor sebäp bolandyr diýip, pikir edýärin. Iň esasy zat - dowamly derňewler geçirmeli, şolaryň netijesinde faktorlary anyklaýan maglumatlar alynmaly. Gyrgyz hökümetiniň komissiýa döredendigini bilýärin, olam öz roluny oýnamak üçin halkara jemgyýetçiligine ýüz tutdy. Men muny örän möhüm hasap edýärin" diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary aýtdy.

XS
SM
MD
LG