Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arabakeşlik — köpleriň gazanç çeşmesi


Şu günler Türkmenistanyň islendik şäherinde ýerleşýän bazarlara baranlar araba sürüp, bazara söwda etmäge baranlaryň ýüküni daşap berýän arabakeşlere duşup bilýärler. Bu gazanç çeşmesini ýüze çykarmaga adamlaryň köpçülikleýin işsiz galmagy sebäp boldy.

«Arabakeş» diýlende öňler başga manysy bardy, häzirki arabakeşlere edýän işine görä at berjek bolsaň, olara «hammallar» diýmeli. Hammal — ýük göterijiler, ýük daşaýjylar. Arabakeş eşege ýa-da ata tirkelen arabanyň üstünde oturyp, ýükli arabany çekip barýan aty ýa-da eşegi sürüp gidýär. Hammallar bolsa arabanyň üstüne münmän, agyr ýükli arabalary eşegiň ýa-da atyň ornunda çekip alyp gidýärler.

Türkmen bazarlarynda olar örän kän. Olaryň arasynda her hili ýaşdakylary bar. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar-da, ýaşy bir çene baran ýaşuly adamlar-da, ýaňy durmuşyň çetinden giren ýaş juwanlar-da bar. Olar arabalara ýük ýükleýärler, ýükleri düşürýärler. Agyr ýükleri maşynlaryň ýanyna eltip, maşyna ýükläp berýärler. Şu hyzmatlary üçin arabaçylara eli açygraklar bir dollar berýärler.

Olar özlerini «arabaçy!» diýip çagyrarlaryna garaşyp oturýarlar. Müşderi tapyldygy, gyzyl tapan ýaly begenýärler. Ýaşaýyş üçin zerur bolan gazanjy tapmak aňsat däl. Arabaçylar hemmelere süýji dillilik bilen hyzmat edýärler. «Näme, agam jan!», «Gelneje jan!», «Jigim jan!», «Uýam jan!» diýşip, igenç almajak bolup, boýun burýarlar.

Kemsidilýän wagtlary hem bolýar

Olara «Arabaçy!» diýip gygyrsalar, gowy zat. Käbirleri olara örän kemsidiji ýüzlenýär. «Eý, araba, gel bärik!» diýip, misli ol arabanyň gapdalynda janly adam ýok ýaly gygyrýanlar-da bar. Arabakeş hammallar öz atlaryny «arabakeş» diýip tutsalar-da, «araba» diýip tutsalar-da, hyzmata taýyn bolup durýarlar.

Şeýle-de bolsa, hemmeler olara sögýär. Bazaryň dar ýollarynda arabaçylaryň naýynjar sesleri eşidilýär: «Geçeliň, agam jan, araba gelýär!» «Daýy jan! Bir ýana sowul! Araba!» «Araba, daýzalar, uýalar! Bir ýana çekiliň!»

«Şulardanam bizar bolupdyrys!» «Arabaň başyň iýsin!» diýip, olara köpler gargynýar. «Aýagymy basdyň, köýnegimi ýyrtdyň!» diýip, seresap bolunmadyk halatda olaryň ýeňsesine, ýagyrnysyna ýelmäp goýberýänlerem kän.

Halkyň garyplygy sebäpli gaty şowly bolmaýan söwda gahary gelip duran söwdagärler, arzan haryt gözläp surnugýan alyjylar, araba sürüp ýadaýan hammallar uly gykylyk bilen bazaryň şowhunyny artdyrýarlar. Olaryň hijisinde biri-birine rehim ýok.

Bazarlarda araba sürüp, hammallyk etmäge esasan welaýatlaryň ýaşaýjylary gelýärler. Olar kireýine ýaşaýan jaýlary üçinem tölemeli. Iýjek-içjeklerinem hasaplasaň, bu kärden olara gaty uly girdeýji-hä galanok, ýöne, garaz, işsiz gezlip ýörleninden ganymat.

Aşgabadyň ýerli ilatyndan hem garyp-pukara maşgalalaryň çagalary bazarlarda arabakeşlik edýärler.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG