Sepleriň elýeterliligi

Kemsidilýän temmäki işçileri we çaga zähmeti


Gyrgyzystanly çaga migrant Gazagystanyň Koram obasynyň golaýyndaky temmäki meýdançasynda işleýär. (Surata düşüren: Human Rights Watch guramasyndan Moises Saman)

Gyrgyzystanly çaga migrant Gazagystanyň Koram obasynyň golaýyndaky temmäki meýdançasynda işleýär. (Surata düşüren: Human Rights Watch guramasyndan Moises Saman)

Adam hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch guramasy Gyrgyzystandan Gazagystana baran migrant işçileriň temmäki meýdanlarynda agyr şertlerde işledilýändigini, köp halatlarda çaga zähmetiniň hem ulanylýandygyny habar berýär.

Gyrgyzystanly 12 yaşlyja gyzjagaz özüniň okuw sapaklaryna taýýarlanmaýar. Ol birnäçe aý bäri okuwa gitmeýändigini aýdýar. Sebabi ol her gün öz ene-atasy bilen Gazagystanyň temmäki meýdanlarynda zähmet çekýär.

Gyzjagazyň ene-atasy goňşy Gyrgyzystandan gelen migrant işçiler. “Biz daňdan 4-den sagat 10-a çenli temmäki ýapraklaryny ýygýarys. Sagat 11-den 13-e çenli nahar edinýäris we ýygan temmäki ýapraklarymyzy owradýarys. Öýlän 4-den agşam 8-e çenli ýene-de temmäki ýapraklaryny ýygýarys. Olary gije ýaryma çenli owradýarys, soňra ýatýarys. Irden 4-de turýarys. Bu ýagdaý zak wagt dowam edýär” diýip, gyzjagaz gürrüň berýär.

Bu gyzjagaz temmäki meýdanlarynda işleýän we adam hukuklary boýunça halkara Human Rights Watch guramasyna interwýu beren onlarça çaganyň biri. Guramanyň fakt ýygnamak çäreleri 2009-njy ýylda Gazagystanyň Enbekşigazak etrabynda geçirildi.

“Dowzah zähmeti”

Almatynyň 120 kilometr çemesi gündogarynda ýerleşýän bu region tutuş Gazagystanyň temmäki önümçiliginiň mekany hasaplanýar. Human Rights Watch guramasy bu ýerde esasan etnik gyrgyz migrantlarynyň we olaryň çagalarynyň zähmetiniň ulanylýandygyny habar berdi. Guramanyň hasabaty “Dowzah zähmeti” diýlip atlandyryldy.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bir meseläniň köplenç başgasyna sebäp bolýandygyny belledi.

“Töleg strukturasy şeýle. Yagny, migrant işçiler ýygnan temmäkisi üçin zähmet hakyny möwsüm gutaranda bir gezek alýarlar. Ol hem çaga zähmetiniň ulanylmagyna iterýär. Çünki migrant işçiler maşgalalary bilen gidýärler, olar temmäki ýygnamak üçin mümkin boldugyça köp el güyjüne mätäç” diýip, Denber aýdýar.

Reýçel Denber mundan ozal Gazagystanyň adam hukuklary boyunça wekili Şakirow we sosial we zähmet ministriniň orunbasary Nurumbetow bilen duşuşdy. Denberiň sözlerine görä, Gazagystanda işleýän ýüz müňlerçe zähmet migrantlarynyň hiç bir hak-hukugynyň ýokdugy bilen gazak hökümeti ylalaşýar.

Resmi sanlara görä, müňden gowrak migrant işçiler esasan Gyrgyzystanyň Nookat şäherinden gelenler. Bular her ýyl temmäki ýygnalýan möwsümde 9 aýlap işlemäge barýarlar.

Philip Morris International

Regionyň temmäkisini ýeke-täk satyn alyjy Philip Morris International kompaniýasynyň Gazagystandaky bölümi. Philip Morris International dünýäniň 160 ýurduna çilim satýar we onuň bazary takmynan 90 milliard amerikan dollaryna deň.

Reýçel Denberiň aýtmagyna görä, Human Rights Watch öz barlaglarynyň netijesini oktýabrda Philip Morris International kompaniýasyna ýetirdi we ondan bäri kompaniýa bilen yzygiderli gatnaşykda .

Haçanda, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Philip Morris International kompaniýasyndan bu mesele boýunça kommentariýa bermegini soranda, kompaniýa 14-nji iýulda ýaýradan metbugat beýanatyny ýollady. Hut şol gün Human Rights Watch guramasy öz hasabatyny ýaýradypdy.

Philip Morris International kompaniýasynyň metbugat beýanatynda çaga zähmetiniň we başga-da ähli bikanun zähmetiň ulanylmagyna kompaniýanyň berk garşydygy aýdylýar.

Kompaniýa öz ekin meýdanlarynda işleýänler baradaky aladany artdyrmak üçin talap edilýän standartlary doly berjaý etmek borjunyň şertnama esasynda fermerleriň boýnuna goýlandygyny habar berdi. Şeýlede kompaniýa fermerleriň, işçileriň we agronomlaryň çaga zähmetini ulanmazlyk boýunça türgenleşdirilmegine ünsüň güýçlendirilendigini aýtdy.

Reýçel Denberiň sözlerine görä, Philip Morris International kompaniýasynyň wadalary entek durmuşa geçmedi: “Meniň pikrimçe, kompaniýanyň wadalary örän oňyn. Emma olar şu wagta çenli durmuşa geçirilmedi. Biz birnäçe gün temmäki meýdanynda bolduk. Häzirki möwsümde entegem uly bir özgerişlik ýok. Meniň pikirimçe, olaryň durmuşa geçirilmegini gazanmak üçin tagalla etmek juda möhüm”.

Human Rights Watch guramasynyň interwýu geçiren migrant işçisi temmäki meýdanlarynyň eýeleriniň polisiýada hasaba goýjak diýip migrant işçileriň pasportlaryny alýandyklaryny we olary işçiler öýlerine gaýdýançalar bermeýändiklerini aýdýar. “Hakyklatda welin ne hasaba alyş, ne-de iş rugsady bar” diýip, migrant işçi Human Rights Watch guramasyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG