Sepleriň elýeterliligi

Hindistandaky otly heläkçiliginde 60 adam öldi


Hindistanyň gündogarynda duşenbe güni bolan otly heläkçiliginde azyndan 60 adam ölüp, 100 adam ýaralandy. Bu waka Hindistanyň günbatar Bengal ştatynda iki otlynyň çakyşmagy zerarly emele geldi.

Bengal ştatynyň graždanlary goramak boýunça ýolbaşçysy Srikumar Mukerjee şol heläkçilige geleňsizligiň sebäp bolanlygyny aýdýar.

Bu waka günbatar Bengal ştatynda şu ýylyň dowamynda bolan ikinji şeýle heläkçilikdir. Mundan ozal maý aýynda bolan beýleki otly heläkçiliginde 145 adam ölüpdi.

Hökümet şol wakada maoçy söweşiji toparyň rolunyň bardygy aýdýar. Emma maoçylar bu aýyplamany ret edýärler.
XS
SM
MD
LG