Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak sekretary Günorta Koreýa bardy


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Robert Geýts Waşingtonyň regiondaky iň ýakyn ýaranlaryndan biri bolan Günorta Koreýa goldaw bermek üçin duşenbe güni Seula bardy.

Bu sapar Günorta Koreýanyň harby gämisiniň weýran edilmegi bilen bagly regionda dörän dartgynlygyň yzýanyna gabat geldi. 46 adamyň ölümine sebäp bolan bu waka boýunça Demirgazyk Koreýa aýyplanýar.

Geýts mundan beýläk bolaýmagy mümkin şeýle hüjümleriň öňüni almak üçin görülmeli çäreler barada Günorta Koreýanyň wekilleri bilen geçiriljek gepleşiklere Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen bilelikde gatnaşar.
XS
SM
MD
LG