Sepleriň elýeterliligi

Başgyrdystanyň täze prezidenti wezipesine başlady


Orsýetiň Başgyrdystan respublikasy Dmitriý Medwedewiň bu respublikanyň prezidentligine hödürlän kandidatyny tassyklady.

Başgyrdystanyň regional parlamenti duşenbe güni geçirilen ses berişlikde Rustem Hamitowyň kandidaturasyny goldady. Ol Murtaza Rahymowyň ornuna geçer.

Öňki prezident M.Rahymow 17 ýyllap häkimiýet başynda galyp, penşenbe güni öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Başgyrdystanyň öňki prezidenti Rahymow Hamitowyň bu wezipä bellenmeginden öň eden çykyşynda “Hamitowyň bu respublikanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanmagyny mydama goldandygyny” aýtdy.

Medewedew Başgyrdystanyň täze ýolbaşçylaryny korrupsiýa garşy göreşi ýokarlandyrmaga çagyrdy. Emma käbir synçylar Kremli regionda öz güýjüni barha artdyrmaga synanyşýanlykda aýyplaýarlar.

Ilatynyň aglaba bölegi musulmanlardan ybarat bolan Başgyrdystan Orsýetiň iň uly regionlaryndan biridir.
XS
SM
MD
LG