Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Eýranyň banky boýunça derňew geçirer


Germaniýaly wekiller Hamburgda ýerleşýän Tähranyň eýeçiligindäki bankyň Eýranyň gadagan edilen kompaniýalary bilen biznes gatnaşygynyň bardygyny görkezýän hasabatlar boýunça derňew geçirjekdiklerini aýdýarlar.

ABŞ-da ýerleşýän “Wall Street Journal” gazetiniň ady näbelli çeşmä salgylanyp beren maglumatynda Ýewropanyň we Eýranyň söwda banky atly edaranyň Tähranyň harby we ballistik raketasy programmasy bilen bagly iş alyp barýan käbir kompaniýalar bilen umumy bahasy bir milliard dollardan gowrak söwda edendigini habar berdi.

Şol kompaniýalaryň Eýranyň goranmak senagaty bilen bagly guramalar we Rewolýusiýanyň sakçylary toparynyň käbir bölümleri bilen gatnaşygynyň bardygy aýdylýar.

Germaniýa Eýranyň iň uly söwda hyzmatdaşydyr.
XS
SM
MD
LG