Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain DIM-i Moskwanyň meriniň pikirini ýazgarýar


Moskwanyň şäher häkimi Ýuriý Lujkowyň Sewastopolyň statusy barada aýdan pikirini Ukrainanyň DIM-i ýazgardy.

“Lužkowyň sözleri iki ýurt arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ruhuna çapraz gelýär” diýip, ministrligiň wekili Oleg Woloşin aýtdy.

Düýn Moskwada bolan metbugat konferensiýada Lužkow ýene bir gezek Sewastopolyň Orsýete gaýdyp berilmelidigini aýtdy.

Ukraina gelmegi islenmeýän adamlaryň atlary sanawdan öçürilen badyna Lužkow özüniň öňki pozisiýasyny gaýtalady.

Moskwa we Kiýew “gara sanawdan” ýüz öwürmek kararyna geldi.
XS
SM
MD
LG