Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýaly serbleriň öňki esgerine 10 ýyl iş kesildi


Bosniýa-Gersogowinada sud bosniýaly serbleriň armiýasynyň öňki esgerine düýn höküm çykardy.

1995-nji ýylda Srebrenisada musulmanlary köpçülikleýin gyrmaga gatnaşandygy üçin Marko Boskiç 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýyl kesilende sud edilýäniň öz günäsini boýun almasy, Srebrenisadaky jenaýatlaryň ähli ýagdaýlaryny anyklamakda derňew bilen hyzmatdaşlyk etmek barada beren sözi göz öňünde tutuldy.

Boskiç we bosnýaly serbleriň goşunynyň ýörite bölüminiň ýene-de ýedi agzasy birnäçe ýüz musulman erkekleri we oglanlary atyp öldüripdir.
XS
SM
MD
LG