Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Polşanyň täze ilçisini kabul etdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze wezipä bellenen Polşanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stefan Radomskini kabul etdi.

Bu duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Polşanyň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow esasan hem iki ýurduň söwda-ykdysady sferadaky, ylym, medeniýet we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyklarynda uly perspektiwalaryň bardygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG