Sepleriň elýeterliligi

BMG Gyrgyzystandaky ýagdaýlara alada bildirýär


Şu gün BMG-niň Ynsan Hukuklary boýunça Baş komissary Nawi Pilleý Gyrgyzystanyň günortasynda howpsuzlyk gulluklarynyň adamlary bikanun tussag etmekleri we gynamaklary ýaly kanun bozmalar baradaky maglumatlara alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Hususan-da, hanym Pilleý öz beýanatynda soňky günler Gyrgyzystanyň günortasynda aglaba özbek milletinden bolan ýaş adamlaryň köpçülikleýin tussag edilmelere sezewar edilýändikleri baradaky maglumatlara ünsi çekipdir.

Ol bu bolýan wakalaryň diňe bir etniki tarapgöýlüge meçew berýän wakalar bolman, eýsem, Gyrygyzystanyň öz içerki kanunlaryny we halkara kanunlaryny-da bozmakdygyny nygtapdyr.

XS
SM
MD
LG