Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki çaknyşykda 6 sany türk esgeri öldi


Türkiýäniň resmileri öten agşam separatistik Kürdüstan işçiler partiýasynyň söweşijileriniň amala aşyran hüjüminde 6 sany türk esgeriniň ölendigini habar berdiler.

Bu hüjümiň öten agşam Yrak bilen serhet ýakadaky Hakkari prowinsiýasynda amala aşarylandygy habar berilýär.

Bu wakadan bir gün öň şol bir regionda amala aşyrylan bomba partlamasynda harby ulaga münüp barýan 11 sany türk esgeri ýaralanypdy.

Geçen aý kürt söweşijileriniň hüjüm etmezlik baradaky birtaraplaýyn ylalaşygynyň möhletiniň tamamlanaly bäri Kürdüstan işçiler partiýasynyň söweşijileriniň amala aşyrýan hüjümleri has-da ýygjamlaşdy.

Kürt söweşijileri Türkiýäniň hökümetini kürt milli azlyklarynyň hukuklaryny gowulandyrmak üçin çäre görmeýänlikde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG