Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde bir günüň dowamynda 71 adam gark boldy


Orsýetiň hökümeti düýn bir-gije gündüziň dowamynda Orsýetde yssy howada suwa düşüp, gark bolup ölen adamlaryň sanynyň 71-e ýetendigini habar berdi.

Şu günler Orsýetiň merkezi regionlarynda dowam edýän çakdanaşa yssy howa zerarly raýatlar suwa düşmesi gadagan bolan suw howdanlarynda, köllerde we derýalarda suwa düşmäge mejbur bolýarlar.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň metbugat sekretary Weronika Smolskaýa şu ýylyň başyndan bäri ýurtda suwda gark bolup ölenleriň sanynyň 2 müň 500-e golaýdygyny, şolardan 1 müň 244-siniň diňe iýun aýynda gark bolup ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG