Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýada ozalky ýolbaşça atuw berilýär


Şu gün Demirgazyk Koreýanyň habar serişdeleri ýurduň Ministrler Kabinetiniň ozalky agzasy Kwon Ho Ungyň ölüm jezasyna sezewar edilendigini habar berdiler.

Maglumata görä, sud tarapyndan berlen ölüm jezasy ýörite atuw jezasyny amala aşyryjy topar tarapyndan ýerine ýetirilipdir.

Kwon Ho Ung 2004-2007-nji ýyllar aralygynda Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gepleşiklere ýolbaşçylyk ediji wekil hökmünde iş alyp barypdy.

Onuň öz wezipesini talabalaýyk ýerine ýetirmändigi bilen baglanyşykly ölüm jezasyna höküm edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG