Sepleriň elýeterliligi

Kabulda halkara konferensiýa öz işini tamamlady


Kabulda Owganystanyň problemalary boýunça halkara konferensiýa öz işini tamamlady. Konferensiýa guramalaryň we ýurtlaryň 70-sinden wekiller gatnaşdy.

Kabul edilen jemleýji beýannamada iki ýylyň dowamynda owgan hökümetine göni gelip gowuşýan halkara kömekleriň 20-den 50 prosente çenli artjakdygy bellenýär.

Şeýle-de konferensiýa howpsuzlyk boýunça ähli operasiýalara 2014-nji ýylyň ahyryndan owgan güýçleriniň özleriniň ýolbaşçylyk etmegi baradaky teklibi goldady.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen şondan soňam NATO güýçleriniň owgan polisiýasyna we harby güýçlerine kömek berjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz owgan hyzmatdaşlarymyz bilen ýurtda ekstremistleriň özlerini köp ýyllaryň dowamynda erkin duýan böleklerinde iş alyp barýarys. Güýçli hökümet institutlaryny we ykdysadyýeti döretmek ýaly ugurlar boýunça alyp barýan işlerimizi harby tagallalar bilen utgaşdyrýarys”.

Şeýle hem düýn Halkara walýuta fondy (IMF) Owganystana ýene-de 125 million dollar kömek berjekdigini yglan etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron hem düýn Kabulda geçen konferensiýanyň netijelerini gutladylar.

Iki lider Waşingtondaky gepleşiklerde ýurduň howpsuzlygy üçin doly jogapkärçiligi owgan hökümetiniň öz üstüne almak ýolunda bu forumyň möhüm ädim bolandygyny bellediler.

Waşingtonda çykyş edip, Barak Obama şeýle diýdi: “Gazanylan möhüm üstünlikler görnüp dur. Olar ýurt üçin uly jogapkärçiligi owgan hökümetiniň öz üstüne almagyna zerur şertleri döreder. Geljek ýyldan owganlar howpsuzlygy üpjün etmekde baş roly özüne alyp ugrar. Bizem goşunlarymyzy Owganystandan çykaryp başlarys. ABŞ owgan halkynyň howpsuzlygyny we progresini üpjün etmekde uzak wagtlyk hyzmatdaş bolup galar”.
XS
SM
MD
LG