Sepleriň elýeterliligi

Moldowada parlament dargadylar, täze saýlawlar bellener


Prezident saýlamagyň usullary boýunça referendumyň netijelerine garamazdan, Moldowada parlament dargadylmaly.

Moldawiýanyň Konstitusion sudunyň başlygy Dmitriý Pulbere täze Konstitusiýa girizilmegi mümkin ähli goşmaçalaryň, düzedişleriň yzyna güýjüniň ýokdugyny aýtdy.

Eger referendumyň netijeleri boýunça prezident ählihalk saýlawlarynda saýlanmaly diýen karar kabul edilende-de, häzirki parlament dargadylar we täze parlament we prezident saýlawlary bellener.

Moldowada referendum Ýewropa integrasiýasyna tarapdar dolandyryjy Alýansyň teklibi boýunça 5-nji sentýabrda geçiriler.

Kommunistleriň oppozision partiýasy ses berişligi baýkot etmäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG