Sepleriň elýeterliligi

Owgan esgeri gullukdaşyny we iki amerikalyny öldürdi


Owganystanyň demirgazygynda milli goşunyň esgeri öz gullukdaşyny we iki amerikaly graždan spesialisti atyp öldürdi.

Şol wakanyň netijesinde ýene-de bir owgan hem bir daşary ýurtly ýaralandy. Gümürtik ýagdaýda şol esgeriň özem heläk boldy.

Waka Owganystanyň demirgazygyndaky iň parahat şäher Mazari-Şerifiň eteginde harby-türgenleşik okuwlary wagty boldy.

NATO-nyň komandowaniýesi owgan häkimiýetleri bilen bilelikde derňewiň geçirilýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG