Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň raketa planyna Estoniýa alada bildirýär


Orsýetiň demirgazyk-günbatar etraplarynda raketalary ornaşdyrmak planyna Estoniýa alada bildirdi.

Estoniýanyň daşary işler ministri Urmas Paeti bu karary howsala dörediji atlandyrdy.

Geçen hepdäniň şenbe güni Orsýetiň guryýer güýçleriniň serkerdesi Aleksandr Postnikow Leningrad oblastynda “Isgender” raketalar toplumynyň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

Raketalaryň islendik tarapa täsir ediş güýji 400 kilometr bolup, ol diňe bir Estoniýada däl, NATO agza goňşy ýurtlar bolan Litwa bilen Latwiýadaky nyşanalary-da urup bilýär.
XS
SM
MD
LG