Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ÝB-niň ýörite wekilini kabul etdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti ilçi, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Moreli kabul etdi.

Morel suw resurslary we töweregi goramak boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu gezekki halkara duşuşygyň gün tertibinde Araly halas etmek boýunça halkara-hukuk dokumentlerini taýýarlamak bilen bagly meseleler, regionyň suw resurslaryny netijeli peýdalanmak ýaly meseleler bar.
XS
SM
MD
LG