Sepleriň elýeterliligi

Eýranda güýji 5,8 balla deň ýerasty sarsgynlar boldy


Eýranyň günortasynda güýji 5,8 balla deň ýerasty sarsgynlar boldy.

Eýranyň döwlet habar serişdeleri Pars aýlagynyň kenaryndaky Fars we Hormuzdan welaýatlarynyň aralygynda öten agşam bolan ýer titremede ýitgileriň hem weýrançylyklaryň ýokdugyny habar berdi.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugy ýer titremäniň 10 kilometr çuňlukda, ýerli wagt bilen gije 11-de, Jehremden 165 kilometr günortada, paýtagt Tährandan 975 kilometr günorta-gündogarda bolandygyny habar berdi.

Mundan öň Eýranyň Bam şäherinde bolan güýçli ýer titremede 30 müň adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG