Sepleriň elýeterliligi

Minnetdarlyk estafetasy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyşda, iýul, 2010-njy ýyl. (Çeşme: Döwlet telewideniýesi)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyşda, iýul, 2010-njy ýyl. (Çeşme: Döwlet telewideniýesi)

Bir hepde gowrak mundan öň alty aýyň jemlerine bagyşlanyp, giňeldilen hökümet maslahaty geçirildi.

Duşuşyk prezidentiň permanlary, görkezmeleri, tabşyryklary bilen tamamlandy. Prezident ýokary derejeli ýolbaşçylara bir hepde dynç almaga görkezme berdi. Öz golastyndaky işgärlerini şunuň ýaly köpçülikleýin häsiýetde hezzetlemäni, belki, häzirki zaman syýasy taryh bilýänem däldir. Tizara Awaza dynç almaga G.Berdimuhamedowyň özüniňem gidendigi belli boldy.

Iň esasy başlyk kabinetinde işläp otyrka, beýleki ýolbaşçylaryň ählisi iş ýerinde bolaýmaly. Türkmenistanyň tutuş ýolbaşçylar toplumynyň kollektiwleýin dynç alyş prosesinde ähmiýeti kiçi bolmadyk ýene bir ýagdaý ýüze çykdy. Ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe ululy-kiçili başlyklar ýurduň saýlantgy şypahanalaryna ugradyldy.

Ýolbaşçylaryň esasy bölegi hem parlamentiň deputatlarynyň aglabasy “Awazada” täze gurlan sagaldyş merkezlerinde ornaşdy, prezidentiň özem şol ýerde dynç aldy. Ol diňe bir dynç almady, G.Berdimuhamedow “Serdar” otelinde hökümet başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Balkan welaýat häkimi hem “Awaza” milli turistik zolak boýunça komitetiň başlygy bilen maslahat geçirdi.

Jikme-jikler

Şu ýerde-de köpçülikleýin dynç alyş aksiýasynyň käbir jikme-jikleri aýan boldy. Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa “Awazada” parlamentiň agzalarynyň dynç alýandygy, deputatlaryň käbiriniň “Arçman”, “Ýyly suw” şypahanalarynda, “Baýramaly” şypahanasynda saglygyny dikeldýändigi barada prezidente hasabat berdi.

Prezidentiň inisiatiwasy bilen amala aşyrylýan özgerişleriň netijesinde şypahanalaryň täzelenendigini A.Nurberdiýewa G.Berdimuhamedowa ýatlatdy. Ol bularyň hemmesini jemleýji jümläniň öňünden aýtdy. Sözüniň soňunda bolsa tutuş deputatlar korpusynyň adyndan şeýle ajaýyp dynç alşa mümkinçilik döredendigi üçin G.Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Minnetdarlyk estafetasyny soň hökümet başlygynyň orunbasary Orazow alyp göterdi. Onuň yzyndan wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa, N.Şagulyýew döwlet baştutanyna taňryýalkasyn aýtdylar.

Ýönekeý soraglar

Kaşaň binalarda, gowy şertlerde gurnalan dynç alyş üçin başlyga tüýs ýürekden aýdylýan minnetdarlyk sözleri, göräýmäge, ýönekeý soraglary döredýär. Ozaly bilen: “Ýüzlerçe, belki, müňlerçe ýolbaşçy kimiň hasabyna dynç aldyka?” diýen sowal peýda bolýar. Eger ol býujetiň hasabyna bolsa, tölegi haýsy edara eder? Ol döwletiň umumy pul balansyna nähili täsir ýetirer? Şunuň ýaly aksiýanyň ýöne-möne pula durmaýandygyny çak etmek kyn däl. Ýolbaşçylaryň dynç alşy üçin harç edilen maliýe serişdeleri barada kim kimiň öňünde hasabat berer?

Elbetde, bu soraglara jogap ýok: beýleki köp sanly maglumatlar ýaly bu sanlaram býurokratik apparatda ýitirim bolsa gerek. Prezidentiň öz sadyk gullaryna sahylyk bilen eçilen bu dynç alşy gizlin hasaplar boýunça geçip, beýleki döwlet syrlarynyň saklanýan arhiwlerindäki tekjelerde özüne orun tapar. Sebäbi ýurduň halk hojalygyna degişli möhüm hasap-hespleriň köpüsi häzirem hojaýynyň ynamdar ammarynda gizlin saklanylýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG