Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sagdyn aň hem ýerliklilik barada…


Soňky wagtlar ýurtda “at tezegini guratman” geçirilýän köpçülikleýin propaganda çäreleri, ýasama baýramçylyklar, netijesiz konferensiýalar, müňlerçe adamlaryň ýurduň bir künjeginden beýleki künjegine, bosguna berlen ýaly, ýygnalyp-çaşyrylyp ýörülmegi Adama mahsus sagdyn düşünje hem ýerliklilik barada oýlandyrýar. Bu oý-pikirler aýratynam adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda seriňe has ýygydan gelip-geçýär.

…Geçen ýylyň güýzünde Mäne obasynyň bir bölegini suw aldy. Suw basan hojalyklaryň jaýlary maly-mülki bilen suwuň içinde galdy. Ilat azygyny, emlägini, suwuň içinde galan ölen hem ölmedik malyny gury ýere çykaryp bilmedi. Obada ýokanç keselleriň döremek howpy emele geldi. Ýagdaýyň adatdan daşarydygy hemmelere äşgär boldy. Şu ýagdaýda oba arçyny, etrap häkimi, ýerli häkimiýet organlary näme etmeli? Etrapda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmeli dälmi? Olar Türkmenistanyň prezidentine dörän ýagdaý barada habar edip, ellerindäki tehniki serişdeleri, adam güýçleri bilen suw betbagtçylygyndan pida çekýänlere kömek etmeli dälmidi? Şu ýagdaýda merkez tarapdan wagty elden bermän, betbagtçylygyň bolan ýerinde operatiw ştab döredilip, tebigy betbagtçylyga duçar bolan oba ilatyna gyssagly suratda gerek bolan tehniki, maddy, material, medisina we beýleki gumanitar kömekler edilmeli dälmidi?

Ýöne şeýle adatdan daşary ýagdaýlar dörände aýgytly hereket etmek üçin ýerli häkimiýetlerde aslynda syýasy erk bilen ukyp barmy? Bolan wakanyň ynjalykdan gaçyrýan netijelerini göreňsoň, şular ýaly soraglar döreýär! Bu soraglaryň jogabyny ylmy traktatlardan gözlemek zerurlygy ýok. Bu soraglaryň jogaby zähmetkeş adamyň sagdyn aňynda hem ýerlikli iş tejribesinde gadymyýetden bäri taýýar dur. Eger-de sen döwlet bolup, öz Konstitusiýaňa eýermeseň, iň bolmanda sada halkyň tejribesini bir ulan!

Her kim öz işini etse...

Eýsem-de bolsa, seniň siwilizasiýalaşan döwlet hökmünde tebigy betbagtçylyga duçar bolan daşary ýurtlara gumanitar kömek etmek tejribäň bar ahyryn. Orsýete, Owganystana, Täjigistana, Gaitä edilen gumanitar kömekler goldawa mynasyp. Tebigy betbagtçylygy başdan geçiren gaitili çagalaryň Awazada dynç aldyrylmagam adamkärçilikli akt. Ýöne Awazada dynç aldyrylýan gaitili çagalaryň ýanyna mäneli çagalaram goşmak nähili ajaýyp hem ýerlikli bolardy. Şeýle iş seniň tarapyňdan daşary ýurtlara edilýän gumanitar kömekleriň propaganda üçin däl-de, Adam üçin edilýändigine şaýat bolardy. Suw betbagtçylygyna duçar bolan mänelilere welin, ýerli häkimiýetdenem, döwlet tarapyndanam hiç hili kömek edilmedi. Şu meselede döwletimiz tarapyndan sagdyn aň bilen ýerlikli kömegiň görkezilmändigine gynanýarsyň.

Betbagtçylykdan dokuz aý soň Mänä baramyzda, weýrançylygyň ýok bolup barýan käbir sudurlarydyr, ýykylman galan ýaşaýyş jaýlaryndaky yzgardyr-heň ysy diýäýmeseň, ullakan üýtgeşiklige duşmadyk. Kiçi-girim zada per bermeýän parasatly hem kanagatly adamlara, şadyýan çagalara duşanymyza begendik. Olar Türkmenistanyň hökümetiniň mätäji däl. Olar minneti diňe öz ukyplaryndan hem Alladan çekýärler. Ýöne oba welin, gaza baý hem «Döwlet Adam üçindir» diýen şygarly döwletiň obasyna meňzänok…

Mäne obasynyň töweregindäki garaşsyzlyk döwründe taşlanan mes toprakly düzlüklerden Garagum derýasyna çenli bary-ýogy 22 kilometrdigine ynanmak kyn. Sebäbi döwletimizde sagdyn aň bilen ýerlikli herekete ýer bolanlygynda, şu ýerlere turba bilen suw çykarmaga gurbat bar. Munuň üçin ýurtda geçirilýän çäreleriň birnäçesine ýa-da indi guruljak administratiw jaýyň birjiginiň gurluşygyna sarp ediljek harajaty ulansaň, ýetjek ahyryn. Belki, geljekde şeýle-de bolar. Munuň üçin ýerli häkimiýet, prezidentiň üstüne oklap oturman, öz etmeli syýasy hem ykdysady işlerini özi ýerine ýetirmeli. Elbetde, ýerli häkimiýetleriň zerur çözgütleri kabul etmäge hem ýerine ýetirmäge ozalynda syýasy hem administratiw erki bar bolsa…

Nurberdi Nurmämmedow Aşgabatda ýaşaýan türkmen aktiwisti, "Agzybirlik halk hereketiniň" egindeş başlygy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG