Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň suw meselesi maslahat edildi


Maglumatlara görä, Amyderýanyň suwundan Türkmenistan bilen Özbegistan deň peýdalanýar.

Maglumatlara görä, Amyderýanyň suwundan Türkmenistan bilen Özbegistan deň peýdalanýar.

Sişenbe güni Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň suw meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi.

Foruma regiondaky ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri hem-de halkara guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda BMG-niň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň maksady Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba alyp, regionda suwdan rejeli peýdalanylmaklaryny üpjün etmekden, şeýle hem Araly halas etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybarat.

Öňden gelýär...

Maglumatlara görä, suwdan tygşytly peýdalanylmazlyk bütin region üçin esasy problemalaryň biri bolup durýar. Bu problemanyň öňki sowet döwründe dörändigini Gyrgyzystanyň Suw hojalygy institutynyň direktory akademik Düýşen Mämmethanow aýdýar.

“Beýik Watançylyk urşundun soň SSSR üçin pagta we bürünç ösdürip ýetişdirmek bähbitli hasaplanýardy. Şonuň üçin suw resurslary esasan Özbegistana, Gazagystana we Türkmenistana gönükdirilidi. Gyrgyzystan bilen Täjigistan Soýuzdan oba hojalyk önümlerini, kömür, gaz, mazut we tehniki serişdeleri alýardy. Şeýlelikde bu iki döwlet oba-hojalygy ösmedik döwletlere öwrüldi” diýip, D.Mämmethanow aýdýar.

Akademik D.Mämmethanowyň sözlerine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary SSSR dargap, garaşsyzlyga çykansoň hem regionyň döwletleriniň arasynda suw problemasy kemelmedi. “Sebäbi Özbegistan, Türkmenistan, Gazagystan öňküsi ýaly möçberde suw talap edýärdi. Gyrgyzystan bilen Täjigistan bolsa suwy ýygnap, gyşda elektrik energiýasyny almagy planlaşdyrýarlar”.

“Togtagul suw howdanynyň abatlaýyş işleri üçin Gyrgyzystan her ýylda 150 million dollar sarp edýär. Togtagulyň suwundan peýdalanýan Özbegistan ýylyna 800 million dollar girdeji alýar. Bu ýerde esasy problema abatlaýyşa sarp edilýän puly suwdan peýdalanýan döwletleriň bilelikde tölemegini talap etmekden ybarat” diýip, D.Mämmethanow aýdýar.

Gyrgyzystanyň Suw hojalygy institutynyň direktory akademik Düýşen Mämmethanowyň sözlerine görä, näme üçindir Özbegistan, Türkmenistan we Gazagystan Gyrgyzystan bilen Täjigistandan gelýän suwy “Hudaýyň beren suwy” diýip hasap edýärler, emma suw üçin sarp edilýän çykdajylary hiç kimiň deň bölüşesi gelenok.

Tygşytly peýdalanyş

Käbir spesialistler bolsa regiondaky suw problemasynyň çözgüdini suwdan tygşytly peýdalanmakda görýärler. Bu meseleler bilen baş alyp çykmak üçin köne sowet döwründäki ykdysady sistemadan çykmalydygyny Nukus şäherindaki Araly we Amyderýany goramak barada iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramanyň başlygy Ýusuf Kamalow aýdýar.

“Onuň üçin doly hususy ýer eýeçilik sisitemasyna geçmeli. Daýhanlar öz ýerleriniň hakyky eýeleri bolmaly. Olarda öz ýerlerinde ulanýan suwy üçin pul tölemäge mümkinçilik bolmaly. Haçanda daýhanlar suw üçin pul töläp başlasalar, olar suwy tygşytlamagy-da öwrenerler. Suw tygşytly ulanylan ýagdaýynda Arala hem suw barar” diýip, Ýusuf Kamalow nygtaýar.

Emma Kamolow Gyrgyzystanly akademik Mämmethanowyň pikiri bilen ylalaşmaýar. Onuň pikirine görä, dagdan gelýän suwdan Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň deň haky bar. “Emma geljek ýylda akyp geljek suwa kepilnama berseler we onuň üçin töleg talap etseler, onda tölemeli bolar”.

Amyderýanyň suwy

Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda üstümizdaki ýylda suwuň köp bolandygyny gargalpagystanly Köbeý aga aýdýar: «Şu ýyl suw problemasy ýok. Köneürgenç, Daşoguz welaýatlarynda hem gowy, suw köp. Şu ýyl gadymy suwly döwürleri ýadyňa salýar. Aralyň özüne suw barmady, ýöne Aralyň ýakynyndaky kölleriň hemmesiniň diýen ýaly suwdan doldy”.

Maglumatlara görä, Amyderýanyň suwundan Türkmenistan bilen Özbegistan deň peýdalanýar. Emma iki ýurduň ilat sany we ekin meýdanynda uly tapawut bar.

Suw meseleleri boýunça spesialist Ýusuf Kamalow türkmen häkimiýetleri atrykmaç suwy Garagum çölüne siňdirmän, Aral deňzine gönükdirseler region üçin has bahbitli bolardy diýýär: «Sebäbi Amyderýanyň 70%-i Türkmenistanyň territoriýasynda. Türkmenistan zerur bolan wagty derýanyň suwuny ulanyp bilýär».

Akademik Mämmethanowyň pikiriçe, forum, konferensiýa, sammit geçirmek bilen regionyň suw problemasyny çözüp bolmaz: “Regionyň suw problemasynyň çözgüdi Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň özara ylalaşyp, öz ýurtlary hem halklary üçin umumy bähbitli karara gelmegindedir”.
XS
SM
MD
LG