Sepleriň elýeterliligi

Gürji prezidentiniň ygtyýarlygyny çäklendirmek teklip edilýär


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili parlamente Baş kanunyň täze görnüşini teklip etdi. Taslamada ýurduň geljekki prezidentiniň ýgtyýarlyklaryny çäklendirmegi göz öňünde tutulýar.

Frans Press habar agentliginiň Saakaşwiliniň metbugat wekili Manana Manjgaladza salgylanyp ýazmagyna görä, bu teklibiň maksady gözegçilik funksiýasyna we deňagramly häsiýete eýe bolan hem-de Ýewropanyň standartlaryna gabat gelýän Konstitutsiýany döretmek.

Şol teklipde prezidentiň käbir ygtyýarlyklary parlamente hem-de premýer-ministre berilýär. Bu kanun taslamasy häkimiýetdäki we oppozision partiýalaryň agzalaryndan ybarat garaşsyz komissiýa tarapyndan düzülip, prezidentiň diwanyna tabşyrylypdy.

Saakaşwiliniň ikinji we soňky prezidentlik möhleti 2013-nji ýylda tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG