Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetdäki hüjümde iki adam heläk boldy


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda ýerleşýän Kabardin-Balkar respublikasyndaky elektrik zawodyna edilen hüjümde iki adam heläk boldy. Bu hüjümiň seperatist toparlar tarapyndan amala aşyrylanlygy aýdylýar.

Respublikanyň howpsuzlyk güýçleriniň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, şol wakada iki adam hem ýaralanypdyr.

Hüjümçiler atyşykdan soň zawodyň töwereginde bomba partladyp, regiondan gaçmagy başarypdyrlar. Ýangyny söndürmek işiniň iki sagada çekenligi aýdylýar.

Kabardin-Balkar Demirgazyk Kawkaz regionynda ýerleşýär. Bu sebit rus harbylarynyň musulman gozgalaňçy toparlara garşy göreş alyp barýan ýeri.
XS
SM
MD
LG