Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Lebap welaýatyna sapar etdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Lebap welaýatynda Farab şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

250 adama niýetlenen üç gatly şypahana ilata ýokary derejede, halkara standartlaryna laýyk sagaldyş-dikeldiş hyzmatlaryny etmek üçin häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyryldy.

Şypahana 10 gektar ýerde ýerleşip, ol bag-bakja bilen doly abadanlaşdyryldy. Indi öňki döwür bilen deňeşdirilende, bu ýerde iki esse köp adam dynç alyp, saglygyny dikelder.

Şypahananyň kollektiwi Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirip, ýadygärlik el halysyny sowgat berdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG