Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň garaşsyzlygy meselesine sereder


BMG-niň Halkara sudy şu gün Gaagada Kosowanyň birtaraplaýyn Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan etmeginiň kanunylygy baradaky netijesini yglan eder.

2008-nji ýylyň fewralynda kosowaly albanlar garaşsyz döwleti yglan etdiler, ony eýýäm dünýäniň 70 töweregi döwleti ykrar etdi.

Bir ýarym ýyl mundan öň Serbiýanyň inisiatiwasy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy seretmek üçin şu meseläni Halkara suduna berdi.

Azatlyk Radiosynyň Belgraddan berýän habaryna görä, Serbiýada-da, Kosowada-da ýagdaý dartgynly. Hemmeler Halkara suduň çykarjak netijesine tolgunmak bilen garaşýarlar.

Serb hökümetiniň adatdan daşary maslahaty şu gün agşama planlaşdyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG