Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Güngorta Koreýa bilen harby-deňiz okuwlaryny geçirer


ABŞ-nyň Günorta Koreýa bilen bilelikde geçirmegi planlaşdyran harby-deňiz okuwlary goranyş häsiýetinde bolar diýip, Ak Tam yglan etdi.

“Okuwlar Demirgazyk Koreýada söweş meýilleriniň bardygy bilen bagly ABŞ-nyň Günorta Koreýa berýän kömegine goldawy tassyklar” diýip, Ak Tamyň wekili Robert Gibbs aýtdy.

Harby manýowrlar bazar güni başlanar.

Mundan öň sapar bilen Günorta Koreýa baran ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Waşingtonyň Demirgazyk Koreýanyň garşysyna täze sanksiýalar girizmekçidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG