Sepleriň elýeterliligi

Kurmanbek Bakyýewiň inisi tussag edildi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurduň ozalky prezidentiniň inisi Ahmat Bakyýewiň tussag edilendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, Ahmat Bakyýew Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad şäherinde ele salnypdyr.

Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Melis Turgunbaýew habarçylara beren interwýusynda Ahmat Bakyýew bilen birlikde onuň birnäçe kömekçisiniň hem tussag edilendigini aýtdy. Ýöne ol tussag edilenleriň anyk şahsyýeti barada maglumat bermedi.

Gyrgyzystanyň polisiýa edarasynyň resmileri Ahmat Bakyýewiň geçen aý ýurduň günortasynda ýüz beren etniki bulagaýçylyklarda öz eliniň bardygyny boýun alandygyny hem aýdýarlar.

Ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň agasy Janybek Bakyýew hem häzirki wagt ýurtda gözleg astynda.
XS
SM
MD
LG