Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede jenaýat eden çagalaryň jezasy ýeňilleşdirilýär


Penşenbe güni Türkiýäniň parlamenti terrorizm bilen bagly jenaýatçylyklarda aýyplanylýan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň jezalaryny ýeňilleşdirmek baradaky kanunyň proýektini goldap ses berdi.

Türkiýäniň bu ugurdaky ozalky kanunyny ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Ýewropanyň standartlaryna laýyk gelmeýän adalatsyz kanun hökmünde tankytlap gelipdiler.

«Anadoly» habar agentliginiň maglumatyna görä, täze kabul edilen kanuna laýyklykda, indi rugsat berilmedik demonstrasiýalara gatnaşýan ýa-da separatistik propogandalary ýaýradýan çagalara terrorizm bilen baglanyşykly jeza berilmez.

Şu günki güne çenli Türkiýäniň häkimiýetleri ýurduň kürt separatistik toparlaryna dahylly çagalaryň ýüzlerçesini terrorizm bilen baglanyşykly işlerde aýyplap, jenaýat jogapkärçliklerine çekipdiler.
XS
SM
MD
LG