Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Human Rights Watch Hytaýyň hakimiýetlerini aýyplaýar


Penşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy iki ýyl mundan ozal Tibetdäki gozgalaňlary basyp ýatyrmakda Hytaýyň häkimiýetleriniň çakdanaşa gazaply güýç ulanandyklaryny aýdyp, bu barada ýörite hasabat ýaýratdy.

Gözli şaýatlaryň görkezmeleri esasynda taýýarlanylan bu täze hasabatda 2008-nji ýylyň martynda Hytaýyň harby güýçleriniň hiç hili parh goýmazdan, tibetli protestçilere garşy ok atandyklary aýdylýar.

Human Rights Watch guramasy öz hasabatynda Hytaýyň häkimiýetleriniň protestçilere garşy ulanan bu çäreleriniň halkara normalaryna laýyk gelmeýändigini nygtapdyr.

Hytaýdaky olimpiýa oýunlarynyň öňýany ýüz beren bu wakalarda azyndan 19 adam ölüp, ýüzlerçe adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG